25.08.2024
Her bir sözi mukaddeslige, her bir jümlesi çuň mana eýe bolan, Hakdan içen şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, umumadamzat mirasynyň altyn hazynasynda uly orun eýeleýär. Onuň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsan per werlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.
Taryhdan belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açdy. Şahyr köňlünden syzdyryp ýazýan eserlerinde türkmen diliniň çeperçiligine, baýlygyna örän uly ähmiýet beripdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirýär. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.
Ol öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr. Şahyr:
Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilen ýanda nyrhy köp —
diýmek bilen, gysga sözde dünýä ýaly giň, manyly pikirleriň bolýandygy, umman ýaly çuň, joşgunly setirleriň ynsanlara edýän täsiri barada aýdypdyr.
Sözüň güýjüne daýanýan milletimiziň islendik meseläniň çözgüdine Pyragynyň setirlerine salgylanyp jogap tapýandygyny bilýäris. Sebäbi şahyryň döredijiliginde durmuşyň ähli ugurlarynyň jemlenmegi watançylyk, ahlaklylyk, öwüt-nesihat, mertlik-namartlyk, söýgi, durmuşy meselelere bagyşlanýan goşgulary her bir türkmeniň öý-ojaklarynda mukaddeslik hökmünde saklanylýar. Türkmenleriň bir döwleti gurmagy, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamagy hakdaky taglymaty bolsa onuň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. «Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr, // Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýlen, öňdengörüjilikli danalyk bilen beýan edilen setirlerdäki ýörelgeler häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýar. Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň hemmesi beýik akyldaryň arzuwlan köňül küýsegidir.
Magtymguly Pyragy türkmen kalbynyň sözüni äleme ýaýan şahyrdyr. Pyragynyň Gündogar şygryýetiniň owazyny, paýhasyny we sazlaşygyny özünde jemleýän eserleri sebitiň hem-de dünýäniň halklarynyň milli edebiýatynyň, ruhy medeniýetiniň ösüş ýolunyň şamçyragydyr. Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Nyzamynyň, Firdöwsiniň, Saadynyň, Jamynyň, Nowaýynyň öňden görüjilikli däpleri şahyra örän ýiti täsir edipdir. Şunlukda, şygryýet äleminiň ussadynyň goşgy setirleri bu däplere eýeriji bolup, şol täsiriň güýjüni saklaýar. Şahyra şygryýet älemindäki bitiren hyzmatlarynda ähli temalara ýüzlenýändigine, şahyrana waspyna, az sözde uz pikirleri beýan edip bilşine ser salsaň, oňa öz döwrüniň «ägirt uly ensiklopediýasy, öňden görüjisi» diýseň ýerlikli bolar.
Gündogar şahyrlarynyň däplerini dowam etdiriji ussat şahyr Magtymguly Pyragynyň wesýet eden, bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasy halkyň taryhyny öwrenmekde, watansöýüjilik duýgusyny, edep-terbiýäni, geljege bolan ymtylyşy, ylma-bilime söýgini döretmekde uly ähmiýete eýedir. Çünki onuň döredijiligi türkmen halkynda neneňsi ussatlaryň bardygyny we dünýäde şeýle ajaýyp şahyry, pähimdar danany beren halkyň nähili ruhy güýje eýedigini görkezýär.
Şahyryň şygyrlary öwrenilmäge mynasypdyr. Sebäbi bütin adamzadyň ýagty geljegini nazarlaýan ajaýyp eserlerde dünýä nusgalyk setirler kalplara Güneşiň nury bolup ýalkym saçýar. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy türkmen medeniýetiniň taryhyny we edebiýatyny öwrenijiler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler üçin uly gyzyklanma bildirilýän şahsyýetleriň biridir. Magtymgulynyň Gündogar halklarynyň milli edebi mirasynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri medeniýeti öwreniji alymlaryň aýratyn üns merkezinde saklanýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän günlerinde dana şahyrymyzyň döredijiligine aýratyn üns berilýär. Bu babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bolsa söze hormat goýýan halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Sebäbi ÝUNESKO-nyň ady agzalan sanawyna biziň ýurdumyzdan girizilen ilkinji ýazuw ýadygärligi Magtymguly Pyragynyň eserleridir.
Pederlerimiziň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň, alymlarymyzyň ruhuny şat edip, tirsegine galdyryp, hatyralamaga, sarpasyny belent tutmaga giň ýollar açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri mydama rowaç bolsun.
Maýsa KURBANOWA, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.