ÝAŞLAR — KUWWATLY DÖWLETIŇ SÜTÜNI

16.06.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň durmuş goraglylygyna, olaryň bilim derejeleriniň döwrebaplygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Üstümizdäki ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekmegi ýurdumyzda ýaşlara aýratyn üns berilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.

Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatlary ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek bolup durýar. Şeýle hem resminama durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini, kepilliklerini döretmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek ýaly wezipelerden ybaratdyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetdäki gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän hukuk kadalaryny özünde jemleýän kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Ýaşlaryň hukuklary hem-de azatlyklary kabul edilýän kanunlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu konstitusion kadalar «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny arkaly durmuşa geçirilýär. Kanun Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýär. Bu kanunyň ähmiýeti ýaşlaryň durmuş goraglylygyny doly üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzda häzirki wagtda ýaşlara halkara derejesinde bilim-terbiýe bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýokary bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, täze ýokary okuw mekdepleri açylyp, täze hünär ugurlary girizildi, dürli ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda hünäri ýokarlandyryş fakultetleriniň işi ýola goýuldy. Döwlet tarapyndan ýaşlaryň ösen ýurtlarda bilim almagy üçin şertler döredilýär we milli okuw mekdeplerinde işlemek üçin daşary ýurt hünärmenlerini çekmek dowam etdirilýär. Şeýle hem uzakmöhletli ylalaşyklaryň çäklerinde ylmy-tehniki ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ylmy barlaglary alyp barýan alymlaryň işlemegi üçin ykdysady-durmuş höweslendirmelerini hem-de ýaşlary ylma çekmek üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek, ylmy işgärleri taýýarlamak bilen bagly döredýän mümkinçilikleri ýurduň ylmy-tehniki we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkeziniň we ähli ylym-bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň Geňeşleriniň, ylmy gurnaklaryň, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň we onuň internetde elektron sahypasynyň döredilmegi, ylmy-halypaçylyk işleriniň amala aşyrylmagy ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň giň toplumydyr. Bu bolsa ýaş alymlara berilýän goldawyň we bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär.

Kuwwatly döwletiň ösüşini ylym-bilim bilen baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ruhda terbiýelenmegi, okamagy we öwrenmegi, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmekleri üçin durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlary bizi diýseň buýsandyrýar. Biz — ýaşlara okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge ähli zerur şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys! Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.