OWAZASY DÜNÝÄ DOLAN

29.08.2024

Türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolandygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy hem munuň buýsançly subutnamasy boldy. Häzirki wagtda bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumy şatlyk-şowhunly çäreleriň geçirilýän, paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň höwes bilen gezelenç edýän, dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi.

Türkmen halky döredijiliginde watansöýüjilik meselesine uly orun beren, eziz Watany söýmegi, goramagy we onuň hyzmatynda durmagy, Watanyň ykbalyny öz ykbalyň saýmagy öwütündew eden, bu babatda nusgalyk görelde görkezen beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny uly dabara bilen belleýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda, toýlaryň toýlara ulaşýan döwründe ýaşaýandygymyza bolsa buýsanjymyz egsilmezdir.

Polat Çör­liýew, Etrek etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.