31.08.2024
Berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady binýady kuwwatlanyp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş şertleri yzygiderli gowulanýar. Döwletimizde kabul edilýän ilýurt bähbitli kararlar, durmuşa geçirilýän maksatnamalar, ilkinji nobatda, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, amatly şertleri döretmäge gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz 12nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028nji ýyllarda durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hemde durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläkde ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýebolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň5nji maddasynda kesgitlenilen «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüp, halkymyzyň halýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.
Merdan BAÝMYRADOW, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Umumy gözegçilik müdirliginiň ykdysadyýet we maliýe ulgamlarynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň geňeşçisi.