10.09.2024
Ekologiýa abadançylygy
Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Hereket edýän kanunçylyk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara goşulmagyny, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan düzgünnamalary berjaý etmegini ýeterlik hukuk mümkinçiligi bilen üpjün edýär. Munuň üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertleri döredilendir.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleramala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tokaý, Türkmenistanyň Sanitariýa, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksleri,«Ekologiýa auditi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda»,«Tebigaty goramak hakynda»,«Tohumçylyk hakynda»,«Däneçilik hakynda»,«Uglewodorod baýlyklary hakyndaky», «Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaklyk hakyndaky», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak,gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda»,«Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda»,«Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki degişli hukuknamalary kabul edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň BMGniň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki ýokary derejeli halkara maslahatlarda öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolmak bilen, birnäçe halkara resminamalaryň kabul edilmeginde binýatlyk esas bolup hyzmat etdi. Olaryň hatarynda Araly halas etmek boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny gorap saklamak, sebitiň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça Aşgabatda Sebitara merkezi açmak, Merkezi Aziýada hem-de Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklipleri we durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, şeýle hem Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan edilen netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolandygyny görkezmek bolar.
Tebigatdan bilelikde jogapkärçilikli peýdalanmak häzirki döwürde ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeketäk ýoludyr. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä bileleşigini hut şuňa çagyrýar.
Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.