TELEKEÇILIK ULGAMYNYN ROWAÇLYKLARY

12.09.2024

Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle başlangyçlaryň guramaçylykly durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmeginde, ýokary hilli önümleri öndürip, dünýäniň döwletlerine eksport edilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösüşiniň gerimiň has-da giňelmegi, täze görnüşleri öz içine almagy, öndürilýän önümleriň hiliniň bäsdeşlige ukyplydygy, kärhanalarda zähmet çekýänleriň köpüsiniň ýaşlardygy örän guwandyryjy netijedir. Etraplarda gurlan ýyladyşhanalar ýylyň ähli paslynda dürli gök-bakja önümleriniň ýetişdirilmeginiň ýola goýulmagy, olaryň oňat hilli ätiýaçlyk goruny saklamak maksadynda sowadyjylar bilen üpjün edilen ammarlaryň döredilmegi, bazarlarymyzyň hemişe azyk önümleri bilen dolup durmagy, bahalaryň elýeterli bolmagy ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalaryň aýdyň görkezijileridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalaryndan, bildirýän belent ynamyndan ruhlanýan telekeçiler diňe bir ýa-da iki ugur bilen hem çäklenmän, ulgamyň işini kämilleşdirmek maksa­dynda süýji-köke önümlerini, çagalaryň isleg bildirýän doň- durmalarynyň köp görnüşlerini öndürmegi ýola goýdular.

Şeýle hem telekeçiligiň giň rowaçlanmagy ýurdumyzda diňe azyk bolçulygyny dö- retmekde däl, eýsem, dürli gurluşyk harytlaryny, ýaşaýyş jaýlarymyzyň bezegleri bolan mebelleriň köp görnüşlerini, egin-eşikleri, aýakgaplary öndürmek hem giň gerime eýe bolýar. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri diňe bir öz bazarlarymyzda däl, daşary ýurtlaryň bazarlarynda hem uly isleg bildirilýän harytlara öwrülýär. Dünýäniň köp ýurtlarynyň bazarlarynda «Türkmenistanda öndürilen» diýlen ýazgyly harytlaryň gör- nüşleriniň köpelýändigi, bu harytlara bolan islegleriň artýandygy ýurdumyzda telekeçilik işlerinde, ýokary hilli önüm öndürmekde, daşary ýurtlara eksport etmekde gazanylýan üstünlikleriň netijeleridir.

Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynda işleriň döwletimiziň, halkymyzyň bähbitleri naza- ra alnyp guralýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki onda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli önümleriň öndürilmegi milli ykdysadyýeti- miziň ösüşine uly goşant bolýar. Şonuň bilen birlikde-de, ol täze iş orunlarynyň döredilmegine, şeýlelikde, ýaşlaryň olara has köp çekilmegine şert döredýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Yhlas ALTYÝEW, Akdepe etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.