16.09.2024
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan netijeli işler täze üstünlikler bilen ilerleýär.
Ak bugdaýyň gadymy mekanynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň ekerançylyk medeniýetiniň häzirki zaman tejribeleri — sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp ýetişdiren bol galla hasyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbidir.
Bugdaýly meýdanlara baranyňda, ýygnalan hasylyň galla kabul ediş nokatlaryna, ondan soňra bolsa elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek ýaly möwsümleýin işleriň batly depginlerde alnyp barlyşyny synlanyňda göwnüň göterilýär. Şol pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Bugdaý» atly goşgusyna dörän ajaýyp aýdymyň setirlerine hiňleneniňi duýman galýarsyň.
Ak bugdaýyň mekanydyr Watanym;
Bagtyň baky mukamydyr Watanym!
Ýurdum diýip, belent maksat tutanyň,
Joş urar döwleti, döwrany bugdaý;
Gallaçy daýhanlarymyzyň döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen şu ýyldan bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahasynyň ýokarlanandygy, döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilýändigi baradaky buýsançly gürrüňlerini eşitmek bolsa has ýakymly. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär, bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de bu ugra degişli birnäçe kanunçylyk resminamalary kabul edildi. Şeýlelikde, ata Watanymyzda oba hojalyk önümleriniň we azygyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça döwlet durmuş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk binýady döredildi.
Goý, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döredýän, ýurdumyzy ösen senagat ýurduna öwürýän, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Daňatar ABDYLLAÝEW, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň prokurory,1-nji derejeli ýurist.