YNSAN SAGLYGYNY GORAMAGYŇ DÖWREBAP ÝÖRELGELERI

21.06.2021

Milli Liderimiziň halkyň saglygyny gorap saklamak ugrunda alyp barýan syýasaty diňe bir nazary taglymat bolman, eýsem, iş ýüzünde anyk  durmuşy taglymat hökmünde öz ornuny tapýar. Munuň özi döwletimizde adamyň ömrüniň, onuň saglygynyň, abadançylygynyň, mynasyp ýaşaýyş-durmuş derejesiniň döwlet üçin ýokary gymmatlyk bolup durýandygynyň kepillendirmesi hökmünde dabaralanýar.

Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerimizde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, saglyk öýleri guruldy. Saglygy dikeltmek maksady bilen, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, gurlan şypahanalar halk köpçüligine hyzmat edýär.

Döwletimizde adamyň saglygyny pugtalandyrmaga we keselleriň öňüni almaga, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, hilini hem-de ony guramagyň usullaryny we oňa gözegçilik etmegiň ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk çäreleriniň durmuşa geçirilmegi ähmiýetli bolup durýar. Bu ösüşleri amala aşyrmagyň ýolunda ýurdumyzda saglyk ulgamyny ösdürmek babatynda degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Derman üpjünçiligi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň kabul edilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny üstünlikli ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň ýaşaýşyny, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalaryň edilmegi netijesinde, ilatymyzyň saglyk babatdaky görkezijileri gowulandyrylýar. Döwletimizde meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy we ilata lukmançylyk hyzmatyny etmegiň maşgala ýörelgesi hereket edýär. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze saglyk öýleri, Stomatologiýa merkezi we infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Okuw-ylmy merkeziniň binalar toplumy, Enäniň we çaganyň saglygyny goramagyň ylmy-kliniki merkezleri, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleri, Morfologiýa merkezi, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi  gurlup, işe girizildi.

Goý, halkynyň saglygy hakynda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman
Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Perhatberdi MEDEDOW, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.