30.09.2024
Ýurdumyzda halkymyzyň taryhy we medeni mirasy aýratyn sarpalanýan gymmatlyk bolup, ol bütin dünýä medeni mirasynyň düzüm bölegidir. Türkmenistan dünýäniň ençeme ýurtlarynyň alymlarynyň ünsüni özüne çekýän Gündogaryň gadymy siwilizasiýasynyň ojagy hasaplanýar. Dünýäde ýaşaýan her bir halkyň özüne degişli aýratynlyklary, özboluşly medeni mirasy bar. Türkmenistan dünýä ösüşiniň genji-hazynasyna girýän maddy we ruhy medeniýetiň köp sanly ýadygärliklerinde saklanyp galan täsin mirasa eýedir.
Ýurdumyz taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyz halkara hukuk kadalaryny ileri tutmak bilen, halkara resminamalaryň ençemesine goşuldy. Olaryň hatarynda «Medeni miras» diýen düşünjäni kesgitleýän, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny, Edebi we çeper eserleri goramak boýunça Bern Konwensiýasyny hem-de Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Gaaga Konwensiýasyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda taryhy-medeni mirasy goramaga, aýawly saklamaga, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamaga, şeýle hem her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga bolan hukugyna gönükdirilen kadalar berkidilen. Esasy Kanundan gözbaş alýan, ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanunlaryň birnäçesi Kabul edildi. Olaryň hatarynda «Medeniýet hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» hem-de «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bar. Bu Kanunlarda medeni gymmatlyklary tutuşlygyna, şeýle hem olaryň aýry-aýry toparlaryny goramak meseleleri düzgünleşdirilýär, medeni gymmatlyklary goramaga ygtyýarly edilen esasy guramalar kesgitlenýär.
Häzirki wagtda gadymy «Nusaý» galasy, «Gadymy Merw», «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň çäklerindäki ýadygärlikler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan desgalar bolup durýar. Türkmenistanyň beýleki taryhy-medeni ýadygärliklerini hem bu sanawa girizmek boýunça işler dowam edýär. Olaryň köpüsi örän täsin bolup, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hataryna goşulmaga mynasypdyr. Munuň özi olaryň goralmagynyň we bitewüliginiň goşmaça kepillendirilmelere eýe bolmagyna mümkinçilik berer. Bu işler ynsanperwer hukugy babatyndaky halkara şertnamalary ýerine ýetirmek üçin geljegi uly ugur bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryndan, dünýäniň medeni-taryhy we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak zerurlygyndan ugur almak bilen, milli kanunçylyga halkara hukugyň kadalaryny yzygiderli ornaşdyrmaga uly üns berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara ynsanperwer hukuk kadalarynyň jemgyýetimize ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna ýardam edýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda çuňňur alada edýän Milli Liderimiziň we Belent Serkerdebaşymyzyň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Rejep ÇARYGULYÝEW, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.