ZENAN KALBYNYŇ SUNGATY

02.10.2024

Halkymyz asyrlar boýy özüniň milli gymmatlyklaryny gorap we ösdürip gelen halkdyr. Garaşsyz ýurdumyzda türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda esasy orun eýeleýän maddy däl medeni mirasyň öwrenilmegine, aýalyp saklanylmagyna, wagyz edilmegine we dünýä ýaýylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwletimizde türkmen halkynyň milli maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi hem bu ugra gönükdirilen asylly işleriň berk hukuk binýadyny üpjün edýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň milli maddy däl medeni mirasyň obýektlerine bolan elýeterlilik hukugynyň durmuşa geçirilmegine we her bir adamyň milli maddy däl medeni mirasy aýawly saklamak hakynda alada etmäge bolan borjunyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen bu Kanunyň ýerli, umumydöwlet we halkara derejelerinde milli maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklarynyň ykrar edilmegini üpjün etmek esasy maksatlarynyň biridir.

Halkymyzyň milli maddy däl medeni mirasynyň naýbaşylarynyň biri hem halyçylyk sungatydyr. 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Munuň özi ösüşlere beslenýän zamanamyzda medeni mirasymyzyň dünýä ýaýylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli maddy däl medeni miras hökmünde türkmen halysynyň şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilen işler köptaraplaýyn häsiýete eýedir. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylarynyň islegleri nazara alnyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Arkadag şäherinde halyçylyk kärhanasynyň gurlup işe girizilmegi bilen türkmen gelin-gyzlarynyň döreden nusgalyk el işleriniň, halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde we täze iş orunlarynyň döredilmeginde uly orun eýelär.

Türkmen gelin-gyzlaryny ene-mamalarymyzyň milli el işlerini mynasyp dowam etdirmek ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň şahsy göreldeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Senetden sungat döreden bu zenanlaryň geçen ussatlyk ýoly her bir türkmen zenany üçin döredijilikli zähmet çekmegiň, kämillige ýetmegiň terbiýe mekdebidir. «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň türkmen milli halyçylyk sungatyndaky halypalyk mekdebi bolsa nesillere ýol-ýörelge bolup dowam edýär.

Asyrlaryň dowamynda türkmen halylarynyň çeper waspy dilden-dile geçip, häzirki döwürde onuň tarypyny ýetirýän eserleriň sany barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly dürdäne eserleri hem türkmen halysynyň belent waspyny dünýä ýaýyp, nesillere bu jadyly senediň gadyr-gymmatyny düşündirmekde gymmatly gollanmalardyr. Bu eserler gaýtalanmajak sungata öwrülen türkmen halysynyň taryhyny, kämillik derejesini, aýratynlyklaryny we dünýäni haýrana goýýan belent şöhratyny geljekki nesillere ýetirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda milli maddy däl medeni mirasyň ösüşini goldamaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagyna, sünnälenilip biziň günlerimize ýetirilen milli senetleriň nesillerimiziň aňyna ornaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.