BAŞ BAÝRAM — GÖWÜNLERIŇ TUGY

15.10.2024

Belent bagtymyzyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan toý milli senenamamyzyň bir gününiň çygryndan has giň. Tutuş ýurdumyz güýzüň ilkinji gününden bäri baş baýramymyzyň dabaralaryna beslenýär. Göwünlerdäki toý ruhy döwrümize, döwrümiziň toý lybasy bolsa göwnümize nur çaýýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň belleniljek gününe bir hepdeden sähel gowrak wagt galdy. Şanly toý barha ýakynlaşdygyça, göwünlerimiziň şatlygy, toý ruhy Göge göterilýär. Çünki baş baýram — her birimiz üçin iň mukaddes toý.

Toý ruhuny, toý bezeglerini biziň welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde hem aýan-aýdyň görýäris. Eýýämden uly dabara bilen geçirilýän baýramçylyk çäreleri, maslahatlar, duşuşyklar, bäsleşikler ýurdumyzda baş baýrama irgözinden badalga berlendigini gör kezýär. 27-nji sentýabrda bolsa, her ýylda bolşy ýaly, esasy dabaralar geçirilip, 33 ýyla asyrlyk işleri ýerleşdirip bilen döwletimiz täze ýaşyna girer.

Baýramçylyk günlerinde bu toýa alyp gelen sepgitler barada pikir öwürmek zandymyzda bar. Beýik bagtymyzyň 33-nji ýyly, gürrüňsiz, iň şowly, iň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylyň dowamynda welaýatymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň ençemesiniň şaýady bolduk. Şu ýylyň baharynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza Şagadamynyň düşmegi bolsa şol wakalaryň tugy bolup, döwrümiziň hem, göwnümiziň hem belentliklerine galýar.

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ajaýyp Geňeş toýuna öwrülip, ýetilen sepgitleriň we öňde duran menzilleriň özboluşly köprüsine öwrüler. Goý, her güni toý ýaly ýakymly ajaýyp döwrümizde sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz duran beýik işler mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Annaoraz HÜMMEDOW, welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.