18.10.2024
Ýurdumyzda neşekeşlikdir beýleki zyýanly endikler bilen birlikde, çilimkeşlige garşy göreşe uly üns berilýär. Sebäbi, çilimkeşligiňem, naskeşligiňem ynsan saglygyna ýetirýän zyýany juda uludyr. Aýratynam, ýaşlary şu ýaramaz endiklerden goramak derwaýys wezipedir. Şonuň üçinem bu babatda alnyp barylýan işler döwrüň talaby bolup durýar.
Ajap eýýamymyzda sagdyn durmuşyň dabaralanmagyny gazanmakda çilimkeşlige garşy göreşem uly ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, temmäki önümleriniň ulanylmagy adamyň öýkenine, dem alyş ýollaryna uly zyýan ýetirýär. Ýürek, gan-damar, dem gysma keselleriniň döremegine getirýär. Şonuň üçinem çilimkeşligiň, naskeşligiň öňüni almak wajyp wezipe bolup durýar. Bu meselede wagyz-nesihat işine uly orun degişli bolup, netijeli işler geçirilýär. Il-gün bähbitli şu işde her birimiziň goşandymyz bolmalydyr.
Eziz GYZYLOW. Murgap etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.