08.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz geljekde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi mundane beýläk-de ösdürmeli türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýärler. Şeýle ynam bolsa, ýaşlarymyzy ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmäge borçly edýär.
Garaşsyz döwletimizde “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Bu Kanun Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we täsirlerini kesgitleýär. Ady agzalan Kanunyň 1-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ýaşlar barada döwlet syýasaty — Türkmenistanda ýaş raýatlaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň ulgamy bolup durýar. Şu Kanunda ýurdumyzda ýaşlaryň goraglylygy hem-de kanunçylykda bellenilen borçlary kesgitlenilýär. Şu kämil kanunçylyk türkmen ýaşlaryna jemgyýetimizde özleriniň mynasyp orunlaryny eýelemeklerine mümkinçilik berýär.
Agadöwlet JUMAKULYÝEW. Tagtabazar etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.