12.11.2024
Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, sporty ösdürmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Bu gün eziz Diýarymyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmagy hem uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan binýatlaýyn işleriň, oýlanyşykly özgertmeleriň miwesidir. Islendik işiň düýpli we uzak möhletli bolmagy onuň kanunçylyk binýadynyň kämilligine baglydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda döwlet sportuň ösmegine ýardam edýär diýlip kesgitlenendir. Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň hukuk binýady barha berkidilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Bu kanunlaryň sport ulgamynyň hukuk binýadynyň berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek gerek.
Milli kanunçylygy ösdürip, jemgyýetimiziň kämilleşmegi, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Pälwan Allanow, Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.