14.11.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň dabaraly baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen TürkmenistanyňHalk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi uly üstünliklere beslenip, täze ösüşlere badalga berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu mejlisi hem halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup, oňyn özgertmeleriň, täzelenişiň ýolundan ynamly öňe barýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu iri syýasy-jemgyýetçilik çäre halkymyzyň «Agzybirlik döwletliligiň altyn açarydyr» diýen pähiminiň dowamat-dowamdygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň işine ak pata berip, çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda beýan edilen wezipeleri biragyzdan we doly goldawa eýe boldy. Gahryman Arkadagymyz ykdysadyýetiň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek bilen, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem, taryhy çykyşda maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň talabydygy barada bellenilip geçildi. Milli Liderimiz 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hemde kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemek baradaky teklipleri hem gyzgyn goldaw bilen garşylandy.
Taryhy maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiziň çykyşy ildeşlerimizde şu güne buýsanç, geljege synmaz ynam döretdi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri geljek ýylda-da üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistany 2025nji ýylda durmuş-ykdysady taýdanösdürmegiňwe maýa goýum Maksatnamasyny» işläp taýýarlamagy hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemegi tabşyrdy. Ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny giňeltmek arkaly býujetiň girdejileriniň artdyrylandygyny bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberiniň ýene-de 10 göterim ýokarlandyrylandygyna ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen bagly mesele barada hem belläp geçmek bilen, milli parlamentiň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmalydygyny nygtady, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi we yzygiderli kämilleşdirip durmagy häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biri hökmünde görkezdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýändigini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurduň ýokary döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümiziwe geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris» diýip, agzybirlikde, bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýolunyň ynamly dowam etdiriljekdigi baradaky sözleri ildeşlerimiziň ýürek sözi bolup ýaňlandy.
Ýurdumyzda ähli ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde badalga berilýän başlangyçlaryň orny ýokarydyr. Nesip bolsa, bu döwletli maslahatda kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütleri, öňde goýlan täze wezipeleri durmuşa geçirmäge ähli ildeşlerimiz işjeň gatnaşar. Jemgyýetiň öňdebaryjy agzalary hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň sargytlaryna eýerip, hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.
Güljahan IBRAGIMOWA, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi