18.11.2024
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi häkimiýet bilen halkyň bitewüligini, raýatlarymyzyň watansöýüjiligini, il-ýurt bähbitli çözgütleri ara alyp maslahatlaşmaga bolan jogapkärçiligini, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan beýik ynamyny, belent sarpasyny aýdyňlygy bilen görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda», «Ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, hormatly atlary dakmak hakynda» Permanlary halkymyz tarapyndan uly goldaw tapdy we çäksiz buýsanç döretdi.
Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alýar. Şolaryň içinde iň esasy görkezijileriň biri ykdysady ösüşlerimizdir. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak dan ybaratdyr» diýip belledi. Döwletimizde maýa goýum syýasatynyň netijeliligini gazanmaga gönükdirilen ähmiýetli işleriň edilmegi, olaryň halkymyzyň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly ugurlara gönükdirilmegi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynyň raýatlarymyzyň durmuş abadançylygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli bellenen möçberde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilmegi, täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga giň şertleri döretdi.
Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň dowam etdirilmegi, ilatymyzyň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaklary üçin berilýän ýeňillikli karz we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy, mätäçlik çekýän raýatlar üçin döwlet serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurup, goşmaça durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasyndaky: «Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir» diýen kadalarynyň hakykat ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Maslahatyň dowamynda eden çuň manyly çykyşynda Gahryman Arkadagymyz: «Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin» diýip bellemegi, döwletimiziň Konstitusiýasynda kepillendirilen her bir adamyň zähmet çekmäge bolan hukuklarynyň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. Döwletimiz zähmet çekmäge isleg bildirýän her bir adama öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, her bir zähmet çekýän adam üçin zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukuk berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin şu ýylyň hasylyndan başlap, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy hem ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda edilýän işlere mynasyp goşant goşup, ak ýürekden zähmet çekýän adamlara goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr.
Her bir döwletiň, her bir milletiň bagtyýar geljegi, ynamly ertiri ýaş nesli bilen berk baglanyşyklydyr. Şundan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz Türkme nis tanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňümizde durýan wezipeleri aýratyn nygtap geçdi. Şol wezipeleriň hatarynda, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagy belläp geçdi. Munuň özi döwlet goldawyna mätäç adamlara hemaýat etmek bilen bagly asylly wezipeleriň bir pursat hem ünsden düşürilmeýändiginiň güwäsidir. Ynsanperwer gymmatlyklary goldanýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyran Gahryman Arkadagymyz: «Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýip, amala aşyran alkyşa mynasyp işleri bilen, kalbynda ýagşylyga, haýyr-sahawata höwesi bolan her bir adam üçin nusgalyk göreldä öwrüldi. Garaşsyz ýurdumyzda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Maslahatyň barşynda bütin adamzada peşgeş beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry, onuň «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýen ilkinji setirle ri hem parahatlyk diýen gymmatlygyň many-mazmunyny giňişleýin açyp görkezýär. Sebäbi, günleriň, ýyllaryň, döwürleriň parahatlygy diýmek, munuň özi ömürleriň rahatlygy, bagtly çagalyk, gamsyz gojalyk diýmek, sungatyň gülleýşi, ösüşleriň şeksizligi, ýurt binýadynyň berkligi diýmekdir.
Şu mukaddeslikleriň sakasynda duran Milli Liderimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, buýsançly başlary belent, tutumly işleri rowaç bolsun.
Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.