22.11.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da artdyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halkara syýasy giňişliginiň ygtybarly agzasy hökmünde açyk, parahatçylyk söýüji, oňyn we aýdyň daşary syýasaty alyp barýandygyny, sebitleýin hem-de halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde dünýäde uly orun eýeleýändigini, ähliumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýandygyny aýdyň görkezdi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabarasyny belende göterdi.
Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu türkmen halkynyň öňden gelýän milli däpleriniň düýp mazmuny we häzirki zaman aňlatmasydyr. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 10-njy maddasynda: «Türkmenistan beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetine, däplerine we dessurlaryna sarpa goýmak esasynda gurýar we ynsanperwerlik gatnaşyklaryna halklary ysnyşdyrmagyň, olaryň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Türkmenistan milletleriň we halkyýetleriň arasynda ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyna, medeniýetleriň özara aralaşmagynyň we özara baýlaşmagynyň hadysalaryna ýardam edýär» diýlip kesgitlenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer daşary syýasatynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitdäki, şeýle hem dünýä derejesindäki ähmiýeti artdy. Halkara ýagdaýlara oňaýly täsir ýetirýän türkmen Bitaraplygy ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yg lan eden hemişelik Bitarap lyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Bu kadalar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugruny görkezmek bilen, döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirýän netijeli işlerinde we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda baş ýörelgä öwrüldi.
«Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofik ýörelge esasynda halkara gatnaşyklarynyň ösüşine goşant goşmak, öňüni alyş diplomatiýanyň halkara gatnaşyklarynyň tejribesine ornaşdyrylmagyna ýardam etmek, ýurdumyzyň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriniň ählumumy ykrar edilmegi ugrundaky çäreleri işjeňleşdirmek ýurdumyzyň daşary syýasatda ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi.
Türkmenistan sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, täze wehimlere we howplara garşy göreşmek meseleleriniň durmuşa geçirilmeginde özüniň hemişelik Bitaraplygynyň iň möhüm wezipesi we aýrylmaz bölegi bolup durýan öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz döwletleriň arasynda ynanyşmak ýagdaýlarynyň döredilmeginde, döwletleriň syýasy diplomatik, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we beýleki ugurlarda netijeli özara hereket etmeklerinde oňyn şertleriň kemala getirilmeginde köptaraplaýyn öňüni alyş gurallarynyň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagyndan ugur alýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça hökümet iş toparyň döredilmegi ýurt berkararlygynyň mizemezligini, halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerdir.
Şeýle döwletli işleriň, parasatly başlangyçlaryň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Didar ORAZOW, Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.