24.11.2024
Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Şahyr il-ulsuny, Watanyny jany-teni bilen söýüp, bu duýgusyny şygyrlaryna siňdiren söz ussadydyr. Magtymgulynyň edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol, aýratynam, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezendir.
Erkinligiň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi halkara derejede giňden bellenilýän akyldar şahyryň goşgularynda görmek bolýar:
Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
«Ýürekden aýdylan sözler ýürege ýeter» diýlişi ýaly, her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyndan bilmeýän adam ýokdur. Çünki dana şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr, durmuşda ýörelgedir. Onuň deňsiz-taýsyz goşgularyndaky öňdengörüjilikli pelsepewi pikirler diňe bir döwre, bir halka degişli bolman, eýsem, ähli halka, ähli döwre degişlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň üpjün edilmegi babatdaky talaplaryndan hem-de akyldar şahyryň ynsanperwer ýörelgelerinden ugur alyp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmakda, hukuk döwletimiziň mundan beýläk-de pugtalanmagyny üpjün etmekde tagallamyzy gaýgyrmarys.
Çerkez Çerkezow, Gyzylarbat etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.