02.12.2024
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga, aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Tebigat adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Bir söz bilen aýdylanda, adam tebigatyň bölegidir. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki taýdan üpjünçiligine baglydyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi döwletimizde ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan kanunlaryň we hukuk namalaryň 50-den gowragy kabul edildi. “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” , “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Agyz suwy hakynda” Kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý we Suw kodeksleri hem-de beýleki kanunlar kabul edildi. Ýurdumyzda howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda haýwanlaryň we ösümlikleriň müňlerçe görnüşi bolup, olaryň goralmagy barada uly işler durmuşa geçirilýär.
Gözel tebigatymyzy gorap saklamakda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Baýram ARNAGELDIÝEW. Mary şäher prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.