05.07.2021
Suw adamzat durmuşynda iň gymmatly hazyna. Durmuş döräli bäri, ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplanylýan suw tebigaty janlandyrýar, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär. Ol isripsiz ulanylmaly baýlykdyr. Hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen soňky ýyllarda diňe bir derýalarymyz däl, ýagyş-ýagmyrlaryň suwuny-da yrýa etmezlik üçin ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw howdanlarynyň birnäçesi guruldy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň hanasyna toplanýan suwuň möçberi hem barha artýar. Geljekde onuň suwuny süýjedip, ekerançylyk, içimlik üçin peýdalanyp boljakdygyny hünärmenler aýdýarlar. Alym Arkadagymyzyň tagallalary bilen Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalaryň ençemesiniň gurulmagy, eýýäm bu ugurda ýeterlik tejribäniň toplanylandygyny aňladýar. Belli bolşy ýaly, her bir ugurdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Suw kodeksi we suw gatnaşyklaryna degişli beýleki kanunçylyk namalary esasynda düzgünleşdirilýär. Bu hukuk namasy suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, olara ýetip biljek ýaramaz täsirleriň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Suw kodeksi we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegine, onuň hiline we çeşmeleriniň goralmagyna, olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýar. Mundan başga hem bu Kanun agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kadalaşdyrýar.
Halkara gatnaşyklarynda hem Türkmenistan suw baradaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe Konwensiýalara goşuldy. Olaryň hatarynda Transserhet suw akabalaryny we köllerini ulanmak we goramak boýunça konwensiýa, Baltika deňziniň töwerekleriniň tebigy deňiz sredasyny goramak boýunça konwensiýa, Deňiz galyndylaryň we beýleki materiýalaryň zyňylmagy bilen hapalanmagyň öňüni almak boýunça konwensiýa, Açyk deňiz baradaky konwensiýa, Kontinental self baradaky konwensiýa, Balykçylyk we açyk deňziň janly resurslaryny goramak baradaky konwensiýa ýaly birnäçe halkara resminamalar bar.
Ýokarda agzalyp geçilen Konwensiýalar Ýer ýüzünde suwuň gadyr-gymmatynyň we onuň rejeli peýdalanylmagynyň ähmiýetiniň örän uludygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwy rejeli peýdalanmak biziň her birimiz üçin örän wajypdyr, suwy isripsiz ulanmagy biz öz nesillerimiziň aňyna ýaşlykdan guýmalydyrys. Çünki hasaplamalara görä, her sekuntda bir damja suw damdyrýan grantdan bir ýylda 10 müň litr suw akyp, isrip bolýar. Şunda biz çagalara zaýaçylygyň öňüni almagy öwretmek bilen, nesillerimizde tygşytlylyk häsiýetini hem terbiýeleýäris.
«Suw» sözüni biz günde, gör, näçe gezek gaýtalaýarys. Säher turup, el-ýüzümizi ýuwanymyzda, çaý içenimizde, gündelik hojalyk işleriniň aglabasynda suwdan peýdalanýarys. Adam synasynyň köp mukdaryny suw tutýar. Alymlaryň bellemegine görä, adam öz ömründe ortaça 75 tonna suwy sarp edýär. Adam bedeni üçin howa ýaly suw hem wajypdyr. Ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyna deňäpdirler. Suwa diriligiň çeşmesi hökmünde garapdyrlar. Suw — ýaşaýyş, durmuş. Suw hakynda ata-babalarymyzyň geçmişde aýdan pähim-parasatly sözleri, edil şu gün aýdylan ýaly, öz gadyr-gymmatyny ýitirenok.
Gadym zamanlardan bäri halk arasynda bir rowaýat bar: «Ýaradan suwy dür dänesinden döredenmiş. Suw Ýaradanyň durkuny görüp, oňa aşyk bolanmyş. Şondan bäri hem ol mydama asmana garap akyp ýatyrmyş. Eger biri suwy bulandyraýsa, Ýaradany ýene-de görmekden galaryn öýdüp, derrew durlanmak bilen bolýarmyş. Durlanan mahaly hem asmanyň keşbini özünde janlandyryp, ony yhlas bilen bagryna basýarmyş».
Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde suw serişdelerini aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetinde ornuny barha giňeldýär. Bu ugurda amala aşyrylan durmuş maksatly iri taslamalar, dürli maksatly edaralaryň giň toplumy bolsa Garaşsyzlygymyzyň eçilen peşgeşleridir, miweleridir. Sapaly durmuşymyzyň eşretleriniň aýrylmaz höziri bolan suwa aýawly çemeleşmek bolsa ähli adamlaryň ahlak borjudyr.
Halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.