MALDARÇYLYKDA TOHUMÇYLYK IŞI

10.12.2024

Ýur­du­myz­da mal­la­ryň ge­no­fondu­ny aýap sak­la­ma­ga we art­dyrma­ga, ola­ryň önüm be­ri­ji­lik hi­li­ni üz­nük­siz ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem de gowulandyrmaga gönükdirilen «Mal­dar­çy­lyk­da to­hum­çy­lyk işi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nuny bu pudagyň to­hum­çy­lyk işi­niň hu­kuk we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­mek bi­len bir­lik­de, to­hum mal­dar­çy­ly­gy ba­bat­da iş­le­ýän döwlet eda­ra­la­ry­nyň, ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ryň işi­ni düz­gün­leş­dir­ýär.

Ka­nu­nyň 16-njy mad­da­synda mal­dar­çy­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni we bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­karlan­dyr­mak, aras­sa gan­ly to­hum mal­lar kö­pel­di­len ma­ha­lyn­da, tohu­my aýap sak­la­ma­gy üp­jün etmek, to­hum mal­dar­çy­ly­gy ba­bat­da mag­lu­mat­la­ryň göw­ne­jaý ha­sa­ba alyn­ma­gy­ny üp­jün et­mek, to­hum mallar barada maglumaty dessine iş­läp taý­ýar­la­mak we ony to­hum mal­la­ry kö­pelt­me­gi hemde peýda­lan­ma­gy ama­la aşyr­ýan ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ra ber­mek, to­hum mal­dar­çy­ly­gy ba­bat­da­ky iş­le­ri ýöri­te en­jam­la­ry bar bo­lan de­giş­li hü­när­li iş­gär­ler ta­ra­pyn­dan ama­la aşyr­mak to­hum mal­dar­çy­ly­gy babat­da işi gu­ra­ma­gyň esa­sy ýö­relge­le­ri hök­mün­de kes­git­len­ýär.

Bu Ka­nu­nyň 39-njy mad­dasynda beýan edilen kadalar esasyn­da ýur­du­myz­da to­hum maldarçylygyny ösdürmegi döwlet ta­ra­pyn­dan hö­wes­len­dir­mek, bu bo­ýun­ça eda­ra­la­ra, to­hum maldar­çy­ly­gy­na gol­da­w hök­mün­de döw­let ke­pil­len­dir­me­le­ri­ni, ýe­ňillikli karzlary, salgyt we beýleki ýe­ňil­lik­le­ri ber­mek gör­nü­şin­de ama­la aşy­ryl­ýar.

Serdarmyrat SAPAROW, Tagtabazar etrap prokurory, 2-nji derejeli ýurist.