MUZEÝ IŞINIŇ HUKUK BINÝADY

12.12.2024

Medeni mirasymyza sarpa goýmak we ony gorap saklamak nukdaýnazaryndan, bu ugry kadalaşdyrmakda, düzgünleşdirmekde kämil kanunlaryň bolmagy zerur bolup durýar. Olaryň biri hem «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, ol ýurdumyzda muzeý işi babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär, tebigy ýadygärlikleri, maddy we ruhy medeniýeti, muzeý edaralarynyň işini ylmy taýdan üpjün etmegiň, öwrenmegiň, saklamagyň we peýdalanmagyň hukuk, ykdysady, social ýörelgelerini belleýär.

Muzeýler tebigy ýadygärlikleri, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamagy, öwrenmegi, gorap saklamagy amala aşyrýan, muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemagata görkezilmegini, şeýle hem muzeýe gelýänleriň ylma, bilime, medeniýete we muzeý işi bilen bagly beýleki aýratynlyklara degişli isleglerini üpjün edýän ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsyň gurluş düzüm birligidir.

Muzeý işi — ylmy, medeni aň-bilim we bilim işiniň ýurdumyzyň muzeýler ulgamynyň döredilmegini we ösdürilmegini, muzeý gaznasynyň toplanylmagyny, öwrenilmegini we goralyp saklanylmagyny, muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemagata görkezilmegini, muzeý işgärleriniň hünär taýýarlygyny, hünäriniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny, Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň işlemeginiň ylmy we usulyýet üpjünçiligini özünde jemleýän ugrudyr.

Medeni mirasymyzy aýap saklamak babatda kanunçylygymyzyň düýp mazmunyny raýatlaryň her birine düşündirmek, ony wagyz-nesihat etmek prokuratura işgärleriniň borjy bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap prokuraturasy tarapyndan etrabyň çägindäki edara kärhanalarda, orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, ilat arasynda yzygiderli wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri geçirilýär.

Halkymyzyň milli mirasyny, gymmatlyklaryny aýawly saklamak ugrunda uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumlary rowaç bolsun!

Begmyrat ALLAMYRADOW, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.