14.12.2024
Üstümizdäki ýyl Gündogaryň akyldary, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanly senesi bilen bagly dabaraly wakalara beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen Garaşsyz döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýylymyz il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dana şahyrymyzyň sylag-sarpasynyň waspy dünýä dolýar.
Gadymy halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan beýik söz ussadynyň edebi mirasy türkmen ruhunyň öçmejek çyragydyr. Magtymguly Pyragynyň parasatly öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary edep-terbiýäniň tapylgysyz mekdebi bolup durýandygy bilen özüne çekýär. Öz halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşap, bir bitewi, özbaşdak döwlete gulluk etmek hakyndaky arzuwy hasyl boldy. Bu gün türkmen ili Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar. Eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, binýadynyň has-da pugtalanmagynyň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. Çünki, akyldar şahyrymyzyň öwüt-ündewiň dürler hazynasy bolan şygyrlary eziz Diýarymyzy ösdürmekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Dana şahyrymyzyň öz halkynyň parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakdaky arzuwy şu günki döwletli döwranymyzda hasyl boldy.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler beýik şahsyýetiň belent sarpasyny dünýä äşgär edýär. Şanly senä bagyşlanyp geçirilýän dabaralarda beýik şahyryň şygyrlary buýsançly ýaňlanyp, aýdym-sazlaryň şirin owazy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspyny ýetirýär.
Jahan HOJAKULYÝEWA. Mary şäher prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi