16.12.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň watançylyk, mertlik, gahrymanlyk, ynsanperwerlik, belent ahlaklylyk, halallyk, ruhubelentlik bilen bagly paýhaslar içinden eriş-argaç bolup geçen şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Ol goşgular biziň üçin ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.
Şahyr watançylyk temasyndaky «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Döker bolduk ýaşymyz», «Ýeli Gürgeniň», «Başy gerekdir» ýaly ençeme goşgulary döredipdir.
Jeýhun bile Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül gunçasy, gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
Akyldar şahyr türkmeniň Watana bolan söýgüsini çeper suratlandyrýan bu goşgusynda söýgini ata Watanyň, ene topragyň ýüreklere ýakyn tebigy gözelligi bilen utgaşykly suratlandyrýar. Jeýhun bilen Hazar deňzi aralygynda ýaýylan toprakda öwüsýän türkmeniň ýeli hem sähranyň we sähraýy adamlaryň kalby ýaly tämizdir. Şu sähraýy topragyň gül gunçasy şahyryň gara gözüniň garasy bolup, onuň durmuşyna röwşenlik çaýýar. Şahyr türkmeniň merdana ogullarynyň waspyny ýetirýär. Olar mert pederlerden bolan gaýratly ogullar.
Magtymguly her bir sözüň gysga, düşnükli hem-de manyly bolmagy üçin çalşypdyr we onuň hötdesinden gelip bilipdir.
Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz:
Asly — gerkez, ýurdy — Etrek, ady — Magtymguludyr —
diýip, bir wagt dünýä derejesinde dabaralanjakdygyny syzan Magtymguly Pyragy şygrynda öz salgysyny goýmagy-da unutmandyr.
Şygyrlary bilen halkymyzyň aňynda, ýüreginde orun alan Magtymguly Pyragynyň şan-şöhratynyň älem içre aýlanmagyna itergi beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Rejepmämmet ESENOW, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist