22.12.2024
Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň şuglasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir döwletli tutumynda şöhlelenýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuşykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy hem-de döwletimiziň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, onuň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda aýdyldy.
Esasy Kanunymyzyň girişiniň: «Biz, Türkmenistanyň halky...» diýen sözler bilen başlanmagy Konstitusiýanyň halkyň adyndan kabul edilýänliginiň beýanydyr. Sebäbi tutuş döwlet, onuň ýerleşýän çägi,ýerasty we ýerüsti baýlyklary, medeni taryhy ýadygärlikleri bütin halkyň eýeçiligine degişli bolup durýar. Döwletiň döremeginiň özi hem halkyň erk ygtyýary bilen baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem döwlet islendik syýasy hereketi amala aşyranda, islendik kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edende halkyň adyndan çykyş edýär hemde onuň ähli işi diňe halkyň bähbidine gönükdirilýär. Ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynda kanunylyk, deňlik, adalatlylyk, şahsyýetiň eldegrilmesizligi we ynsanperwerlik ýaly ýörelgeler, ilkinji nobatda, her bir adamyň tebigy we mizemez hukuklarynyň bardygyny ykrar etmäge, şol hukuklary kanun esasynda berkidip, olary goramaga, erkin amala aşyrylmagyny hemde olaryň özara sazlaşygyny, deňagramlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4nji maddasyndaky: «Her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar bilen öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdir» diýen hukuk kadasy raýatlaryň konstitusion borjuny kesgitleýär. Konstitusiýa jemgyýetiň, döwletiň we adamyň arasynda baglaşylýan jemgyýetçilik şertnamasy hökmünde garalanda, Esasy Kanun şol şertnamanyň iň möhüm bölekleriniň biridir. Döwlet raýaty hemmetaraplaýyn goraýar, onuň erkin hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Raýat bolsa döwletiň öz wezipelerini degişli derejede ýerine ýetirmegi üçin onuň ähli hukuga laýyk talaplaryny berjaý etmäge borçly bolup durýar. Raýatyň konstitusion borçlarynyň iň esasylary bolsa Konstitusiýanyň we kanunlaryň talaplaryny berjaý etmekden, döwleti goramak borjuny ýerine ýetirmekden, kanunlarda bellenilen tertiplerde salgytlary hemde beýleki ýygymlary tölemekden, milli däp-dessurlary, taryhy, medeni we tebigy mirasy hormatlamakdan, daşky gurşawy hemde tebigatygoramakdanybaratdyr.
Biz, prokuratura edaralarynyň işgärleri hem kanun esasynda kesgitlenilen borçlarymyzy talabalaýyk ýerine ýetirip, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza hyzmat ederis. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Süleýman Nuryýew, Sarahs etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.