26.12.2024
Ata Watanymyzy ösdürmek, halkymyzyň parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, milliligimizi dabaralandyrmak hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Watan goragy ynamly gollarda» atly bölüminde: «Biz merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertleri döredýäris» diýip belleýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň her bir raýatyny, her bir maşgalasyny durmuş taýdan doly goramaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan kanunlar we kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi.
Durmuş özgertmelerini döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, durmuş goraglylygyna degişli birnäçe kanunçylyk namalary kabul edildi. Hereket edýän kanunçylyk namalary bolsa döwrebaplaşdyryldy we kämilleşdirildi. Raýatlaryň pensiýa, aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň döwlet kepillikleri Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde öz beýanyny tapýar. Kanunçylyk namalarynyň taslamalary Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň teklipleri esasynda, şeýle hem daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň goşulşan halkara konwensiýalarynyň düzgünleri göz öňünde tutulyp, işlenilip düzülýär. Şunlukda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinden başga-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän kanunçylyk namalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini, Maşgala we Zähmet kodekslerini, «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda», «Durmuş hyzmatlary hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda», «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolýar. Şu we beýle ki kanunçylyk namalary bilen zähmete ukypsyzlara, maýyplara, çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatla ry, iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligi amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda, çagalaryň sanyna görä aýal maşgalalara hökmany pensiýa ätiýaçlandyrylmasyna gatnaşygyny hasaba almak bilen, ýaşy boýunça pensiýa hukuk berilýär. Mysal üçin, üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 56 ýaş, dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 55 ýaş, bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyp çagasy bolan we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 54 ýaş, sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalara 52 ýaş göz öňünde tutulandyr. Goý, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan belent maksatly işleri hemişe rowaç bolsun!
Oraz Hojaýew, Daşoguz welaýatynyň harby prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.