28.12.2024
Türkmenistanyň Raýat kodeksinde bellenilişi ýaly, mirasdar tarapyndan mirasyň ýüze çykarylan ýeri boýunça notarial edarasyna mirasy kabul etmek hakynda arza berilmeli. Şonda miras kabul edilen hasaplanylýar. Şonuň ýaly hem mirasdaryň hakykat ýüzünde emläge eýelik etmäge ýa-da dolandyrmaga girişmegi onuň mirasy kabul edendigine, gürrüňsiz, şaýatlyk edýär. Eger mirasdar mirasyň bir bölegine eýeçilik etmäge hakykatdan girişen bolsa, şol emläk nähili beýan edilse hem we haýsy ýerde bolsa hem, ol dolulygyna kabul edilen hasaplanylýar. Eger mirasdar laryň biri mirasdan paýy almakdan beýleki mirasdaryň peýdasyna ýüz dönderse, şeýle hereket mirasyň kabul edilmegi hasaplanylýar. Milli Liderimiziň ynsan perwer taglymatlary esa synda milli kanunçylygymyzyň raýatlarymyzyň bähbitlerine kämilleşdirilmegi üçin giň şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, sahawatly işleri rowaç bolsun.
Şalarhan Öwezow, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.