09.01.2025
Her bir döwletiň özüniň milli baýramçylygy hökmünde taryhyna giren seneleri bolýar. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan güni hem ýatdan çykmajak seneleriň biri bolup, şanly taryhymyzyň şöhratly ýyly boldy. Mundan 29 ýyl ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti özüniň Bitaraplyk hukuk derejesine ýetdi. Şol wagt dünýäde çylşyrymly syýasy wakalaryň höküm sürýändi gine garama zdan, biziň döwletimiz iň uly we hormatly derejä mynasyp bolmak bilen, dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan we onuň şol wagtky düzümine girýän 185 döwletiň ykrar etmeginde Bitarap döwlet boldy. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hemde halkymyzyň buýsanjyna öwrüldi.
Dünýäde ýeke-täk we ilkinji gezek Milletler Bileleşigi tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi berlen döwlet biziň Berkarar döwletimiz Türkmenistandyr. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň 2-nji maddasynda hem bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda esas bolup durýandygy barada beýan edilmegi aýratyn mana eýedir. Çünki 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnamanyň kabul edilmegi hem Bitaraplyk hukuk derejämize pugta eýerýändigimiziň, dünýäde parahatçylyk söýüji başlangyçlary öňe sürýändigimiziň beýany bolup durýar.
Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň9njy maddasynda bolsa, Bitaraplyk syýasatymyzyň ýörelgeleri beýan edilýär. Kanun esasynda berkidilen bu ýörelgeleri Türkmenistan doly we dogry berjaý edýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda hem bu barada birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen dostluk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara ýardam bermek esasynda iki we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürýär hemde köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary saklaýar.
Döwletimiz «Açyk gapylar» hemde giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda ýurdumyz dünýä bazarynda maýa goýum üçin iň amatly we ygtybarly künjek hökmünde tanalýar. Döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny rowaçlandyrmak bilen diňe bir ýurtlaryň arasynda dostdoganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, köptaraplaýyn bähbitleri ileri tutýan ykdysady gatnaşyklara eýe bolýar.
Döwletimiz bu gün bütin dünýäde dostlukly we özara netijeli gatnaşyklary ýola goýýan ýurt hökmünde tanalýar. Agzybirlikde, jebislikde, bagtyýarlykda toýlaýan halkara Bitaraplyk günümiz ynsanperwer syýasatymyzyň rowaçlanmagynyň şanly dabaralanmasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen rowaçlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan demokratik syýasatymyza ösüşler ýaran bolsun!
Göwher HYDYROWA, Aşgabat şäher prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.