12.01.2025
Üstümizdäki ýylyň şanly wakalary ýurdumyzyň bedew batly ösüşler bilen öňe barýandygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler guralýar.
Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we medeni seýilgäh toplumynyň açylmagyny 2024nji ýylyň taryhy wakalarynyň hatarynda buýsanç bilen görkezip bileris. Daşary ýurtlaryň birnäçesinde hem türkmeniň akyldar şahyrynyň heýkeliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy onuň umumadamzadyň şahyrydygyny nobatdaky gezek dabaralandyran wakalar boldy.
Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum dana şahyrymyza hormatsarpanyň bimöçberdigini nobatdaky gezek görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň forumda eden çuň mazmunly çykyşynda: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. Dana Pyragynyň parasatly pikirleri asyrlarboýy halkymyz üçin, şeýle-de beýleki halklaryň wekilleri üçin hem durmuş ýörelgesine öwrülip geldi» diýen sözleriniň zamanamyzyň ajaýyp hakykatydygyna ýylyň dowamynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna guralan dabaralaryň mysalynda hemmeler ähli aýdyňlygy bilen göz ýetirdiler.
Sähragül AŞYROWA, welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.