16.01.2025
Magtymguly Pyragy ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyrydyr. Beýik akyldaryň miras galdyran her bir setiri, her bir bendi tutuşlygyna nesihatdyr, durmuşda ýol görkeziji şamçyragdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldarynyň we şahyrynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda, şanşöhratyny hasda belende götermekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeniseýilgäh toplumynyň açylmagy, akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň dünýäniň çar künjeginde biri birine ulaşmagy oňa goýulýan belent hormatsarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň halkara abraýy hasda artdy. Ýer şarynyň ähli ýerinde akyldar şahyra uly sarpa goýulýar. «Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýip, ajaýyp zamananyň geljekdigini öňdengörüjilik bilen beýan eden beýik akyldaryň arzuwlary hasyl boldy. Türkmen halky Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletine buýsanyp ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar.
Söz ussady Magtymguly Pyragynyň şanşöhratyny arşa göteren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Mekan Nurgeldiýew, Etrek etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.