24.01.2025
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek ýyllarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, bazar ykdysadyýetini, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ýaly maksatlary özünde jemleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak döwletimiziň baş maksady bolup durýar. Bu ugurda döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň esasynda ýurdumyzyň dostlukly gatnaşyklary dünýä dolýar.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlanmagy, şeýle hem ulag-aragatnaşyk maksatly iri desgalaryň açylmagy döwletimiz üçin täze mümkinçiliklere ýol açýar hem-de ýurdumyzy dünýä bilen birleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasynyň tutuş dünýäde öwrenilmegini hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirmegini esasy maksat hökmünde kesgitledi. Bu forum dünýä ýurtlarynyň ýurdumyza bolan garaýyşlaryny, hormatyny açyp görkezdi hem-de döwletimiziň halkara dostluk köprüsi wezipesini ýene bir gezek janlandyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran resmi iş sapary iki döwletiň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädime öwrüldi. Kazan şäherinde geçirilen «BRIСSgoşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRIСS sammitine gatnaşyp, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ýugrulan oňyn daşary syýasatynyň dünýäde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdäki wezipeleri barada giňişleýin çykyş etmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara derejede ornuny has-da pugtalandyrdy. Döwlet Baştutanymyza Tatarystan Respublikasynyň «Duslyk» ordeniniň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik tutumlaryna hormatyň aýdyň nyşany boldy. Dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn häsiýetde durmuşa geçirilýän şeýle beýik işleriň netijeleri ýurtlaryň ösüşine hem-de halklaryň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendir.
Ýurdumyzy ösüşiň mertebeli menzillerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlara ýugrulan beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Baýrammuhammet ÝARYÝEW, Köneürgenç etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.