AGZYBIR MAŞGALA — JEBIS JEMGYÝET

12.07.2021

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji iýulynda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi ýurdumyzda jemgyýetçilik hukuk tertibini, asuda we bagtyýar durmuşy üpjün etmekde, adamyň ömrüni we saglygyny goramak babatda döwlet syýasatymyzy has-da ilerletmekde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde täze wezipeleri kesgitledi

Döwlet Baştutanymyz mejlisde hukuk bozulmalaryna garşy terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini geçirmekde bilim edaralarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň orunlaryny belläp, olaryň ýaşlary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer, akylly-başly edip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan çärelere işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi.

Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Häzirki günlerimizde hem ogul öýerip, gyz çykarjak bolnanda, guda bolunjak ýeriň maşgala agzybirligine, abadançylygyna, şol maşgalanyň il arasyndaky abraýyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem türkmende «Maşgalam — baş galam» diýen söz hemişe ýörgünli. Jemgyýetiň başlangyç topary bolan maşgala mukaddes ojak hasaplanylýar. Halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, onuň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, är-aýalyň, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 9-njy maddasynyň 1-nji böleginde: «Maşgala hukuklary kanun bilen goralýar» diýlip bellenilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlip beýan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda: «Maşgala — adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl, emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydyr. Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar» diýlip bellenýär. Maşgalanyň esasynda garyndaşlyk gatnaşyklary durmak bilen, şol gatnaşyklar är-aýalyň bir-birleriniň, ata-enäniň we çagalaryň, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýar. Terbiýäniň düýp binýady, ilkinji nobatda, maşgalada goýulýar. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, maşgalaňa wepalylyk, ene-ata we ululara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Özüňden ululara hormat goýmak, kiçileri söýmek bizde maşgalada berilýän ilkinji terbiýeleriň biri. Hormatdyr söýgi bolsa agzybirligiň ilkinji şertleri.

Arkadag Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde şeýle diýilýär: «Öý-ojagyny agzybir saklaýan maşgalabaşy döwletli adam hasap edilýär...»; «Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwletidir. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala agzalarynyň gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamy jemgyýetde ula sarpa, kiçä hormat goýmak, zenan maşgalalara garaýyş babatdaky esaslary özünde jemleýär...».

Milli Liderimiz eserlerinde-de, çykyşlarynda-da, iş ýüzünde-de bize agzybirligiň, ýürekdeşligiň belent nusgalaryny görkezýär. Maşgala agzybirligi döwletlilige bagly. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her bir maşgalanyň döwletli bolmagy üçin çäksiz aladalary edýär. Eziz Diýarymyzda ýaş maşgalalar hakyndaky alada döwlet derejesinde uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş maşgalalary goldamak, maşgala binýadyny berkitmek ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýaş maşgalalara ýeňillikli karz pullarynyň, ýaş çagaly enelere döwlet kömek pullarynyň berilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, maşgala binýadynyň has hem berk bolmagyny, her bir maşgalanyň synmaz agzybirligini gazanmak ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Bu işde Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işgärleri hem tagallalaryny gaýgyrmaýar. Biz — prokuratura edaralarynyň işgärleri jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde, ilat arasynda maşgala mukaddesligi bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işlerini geçirýäris we mundan beýläk-de şeýle çäreleri yzygiderli alyp bararys.

Goý, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir türkmen maşgalasynda agzybirlik, abadanlyk, bagtyýarlyk we şadyýanlyk höküm sürüp, mukaddes ojaklarda çaga gülküleri belentden ýaňlansyn!

Jemgyýetiň jebislik güýjüni maşgala ýörelgesinden döwlet syýasaty derejesine çenli pugtalandyrýan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Türkmen döwletliliginiň asylly ýörelgelerini ählitaraplaýyn berkidýän, bize şeýle eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Jennet ARAZOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 2-nji derejeli ýurist.