01.02.2025
Ýakynda tamamlanan, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şygaryndan äşgär bolşy ýaly, Gündogaryň akyldary, filosof, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýramy taryhy waka boldy. Şu möhüm waka bilen bagly ýurdumyz boýunça we halkara derejesinde geçirilen duşuşyklar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýubileýi türkmen ilinde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda biz şu sene mynasybetli ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Has takygy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 27-nji dekabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde täze kitabyny — “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabyny ýazyp, tamamlandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda çapdan çykan täze kitaby, türkmen halkyna baýramçylyk sowgady boldy. Ajaýyp kitapda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy, adamzat gymmatlygyna goşan ägirt uly goşandy giňden beýan edilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kitabynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň täsirli beýanyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimizde ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan uly üstünlikleriň jeminiň jemlenýändigini nygtady. Bu kitabyň türkmen iline mynasyp sowgat bolandygy guwanç duýgusyny döretdi.
Altyn BABAÝEWA. Mary şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.