KANUNÇYLYK WE DEMOKRATIÝA

12.07.2021

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanun çykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär.

Häzirki wagtda ynsan, onuň durmuşy, erkinligi, gadyr-gymmaty we adam hukuklary iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilýär. Adamyň durmuş gymmatlyklarynyň konstitusion ýörelge derejesine göterilmegi raýat jemgyýetiniň kämilligini görkezýär. Adama bolan şeýle ynsanperwer gatnaşyk, hukuk ulgamynyň barha kämilleşdirilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şeýlelikde, halk bilen Watanyň bähbitleriniň we islegleriniň birligi emele gelýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dowamat-dowam bolmagy, gülläp ösmegi, dünýäde abraýynyň artmagy halkymyzyň eşretli we bagtyýar ýaşamagynyň mümkinçiligini artdyrýar. Munuň özi döwletiň berkararlygy, halkyň bagtyýarlygy, adamlaryň döredijilikli zähmeti, agzybirligi we jebisligi, pähim-parasatlylygy, ruhubelentligi ýaly durmuş-ykdysady gymmatlyklaryň, umumy ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmagyna oňaýly täsir edýär.

Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramagyň hukuk esaslary boýunça netijeli işleri alyp barýar. Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi, medeniýeti we sporty ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berýär. Şol nukdaýnazardan häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi we täzeden rejelendi. Şeýle hem olaryň ençemesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Adam mertebesiniň iň uly gymmatlyk hasaplanylýan ýurdy hökmünde kabul edilýän we hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň asuda durmuşyny hem-de döredijilikli işlemeklerini üpjün edýär. Bagtyýar halkymyz bolsa döwlet berkararlygynyň, jemgyýetimiziň abadançylygynyň has-da pugtalanmagyna döredijilikli zähmetleri bilen goşant goşýarlar. Munuň özi jemgyýet bilen döwletiň mizemezliginiň, agzybirlik hem jebislik ýörelgelerine ygrarlylygyň ajaýyp nusgalaryna öwrülýär.

 

Pirnepes BÖRIÝEW, Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.