12.02.2025
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hakynda alada hiç wagt ünsden düşürilmeýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gün-günden gowulanmagy bolsa onuň aýdyň mysalydyr. Esasy Kanunymyzda hem: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýlip bellenilýär. Hut şondan ugur alnyp, ýurdumyzda zähmetsöýer halkyň abadan ýaşamagyna, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen döwlet syýasaty alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýän zamana öwrülýär.
Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi bilen durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan bu özgertmeler ýurdumyzyň diňe bir ykdysady, önümçilik kuwwatyny artdyrman, eýsem, durnukly baha ulgamyny üpjün etmäge hem mümkinçilik berýär. Baha ulgamynyň esasy şahalarynyň biri bolan baha kesmek işi hem Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmäge özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Baha kesmek işi Esasy Kanunymyzda, «Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, şeýle hem Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygrynda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar.
«Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny baha kesmek işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär, baha kesmek işini amala aşyrmakda ýüze çyk ýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Agzalan Kanun 7 bapdan we 31 maddadan ybarat bolup, onuň 1-nji maddasyndaky düşündirişlerde beýan edilişi ýaly, baha kesmek — baha kesmegiň obýektiniň mümkin bolup biljek bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasyny kesgitlemekdir.
Baha kesmek işi — baha kesmegiň obýektleri babatda bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahany bellemek maksady bilen amala aşyrylýan telekeçilik işidir. Baha kesmek işiniň esasy ýörelgeleri garaşsyzlyk, açyklyk, ygtybar ly lyk, ýaşyrynlyk bolup durýar. Kanunyň 8-nji maddasynda baha kesmegiň görnüşleri düzgünleşdirilendir.
Baha kesmek işi ýurdumyzda baha ulgamynyň kämil nusga eýe bolmagyna, ussat hünärmenleri ýetişdirmäge, olaryň başarjaňlygyny kämilleşdirmäge we jemgyýetde ykdysady ilerlemeleri höweslendirmäge itergi berýär. Ýeri gelende bellesek, baha hojalygyň bazar mehanizmini dolandyrmagyň alamatlarynyň biri bolup, ykdysadyýetiň ösüşiniň kanunalaýyklygyny we haryt bazarynyň şertlerini şöhlelendirýär. Baha kesmek işi milli ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna täsir etmek bilen, bu babatda işiň ýokary netijeli bolmagyny talap edýär.
Dünýädäki çylşyrymly ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň häzirki zaman şertlerinde işewürligiň gymmatyny bahalandyrmak, baha kesmek ykdysadyýetiň ösüşine täsir edýän döwrüň iň derwaýys görkezijileriniň biridir. Görkeziji kärhananyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, önümçilige zerur bolan karz serişdeleri çekmäge, ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmaga we beýleki birnäçe ykdysady amallara öz täsirini ýetirýär.
Her bir telekeçi, her bir ýolbaşçy üçin kärhananyň işine ýetirjek täsirini deslapky bahalandyrmak möhümdir. Çünki ol ýa-da beýleki ýagdaýlarda, ylaýta-da, işewürligiň gymmatyny bahalandyrmakda ahyrky görkezijä oňyn täsir etjek çözgütler gözlenilýär. Bu bolsa häzirki zaman şertlerinde işewürligi esaslandyryjy lar üçin iň derwaýys meseleleriň biridir.
Halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak bolsa hormatly Prezidentimiziň häzirki amala aşyrýan özgertmeleriniň baş maksadydyr. Özgertmeler strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen uly işleri rowaçlyklara beslensin!
Agamyrat ABDYLLAÝEW, Boldumsaz etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.