14.02.2025
Türkmen halky öz pähim-paýhasy bilen taryhda ebedilik yz galdyran beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýmagyň, olaryň at-owazasyny dün ýä ýaýmagyň, şan-şöhratyny has-da beýgeltmegiň nusgasyny görkezip gelýän halkdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tutuş dowamynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen dürli dabaralaryň mysalynda-da bu hakykat öz aýdyň beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi hem bu ajaýyp hakykatyň ýene bir güwäsine öwrüldi.
Türkmen halkyny berkarar döwletlilige, agzybirlige çagyran nusgawy şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikirgaraýyşlary, köpugurly taglymlary häzirki nesiller üçin ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasyny dikeltmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda we geljekki nesillere ýetirmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsançly söhbet edilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmek, Ýer ýüzünde dostdoganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hasda pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalary giňden beýan edilýän ajaýyp eseriň bu gün pähimpaýhasa, akyldar şahyrymyza, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine sarpa goýýan her bir adamyň ýankitabyna öwrülendigini nygtamak ýakymlydyr.
Kitabyň gadyr-gymmatyna döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly eserini okap çykanyňdan soňra hasda aýdyň göz ýetirýärsiň. Goý, dünýä meşhur dana şahyrymyzyň atabraýyny hasda beýgelden, halkymyza gymmatly eserleri peşgeş berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Laçyn TUWAKOWA, Balkanabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi, 1nji derejeli ýurist.