MUKADDES BORÇ

18.02.2025

Gysga taryhy döwürde milli goşunymyzyň dürli kysymlary hemmetaraplaýyn kämilleşdirildi. Muny ýurdumyzda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan oňyn harby syýasaty, şeýle-de harby gullukçylar üçin döredilýän şertleriň, amatlyklaryň barha giň gerim alýandygy bilen düşündirse bolar. Döwrümize şan getirjek ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa Watan goragçylarymyz üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäde we sebitde durnukly ösüş ýoluna düşen, parahatçylygy ündeýji döwlet bolup çykyş edýär. Parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöredýän ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, milli Ýaragly Güýçler döwletimiziň howpsuzlygyny we bitewüligini üpjün edýän, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň iň möhüm bähbitlerini içerki hem-de daşarky howplardan goraýan güýçdür. Şu nukdaýnazardan hormatly Belent Serkerdebaşymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna milli goşunymyzyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, ähli düzümleriň ýokary söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek arkaly, döwletimiziň goranyş kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda möhüm tabşyryklary berýär. Tutuşlygyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyz hut şu wezipelere esaslanýar.

Häzirki wagtda kämil harby syýasatly milli goşunymyz ählitaraplaýyn döwrebaplaşdyrylýar, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertleri ýokary derejelere çykýar. Harby ylymda we bilimde dünýä tejribeleri ornaşdyrylýar. Ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm baglap, ak ýürekden gulluk edýän harby işgärleriň zähmeti yzygiderli höweslendirilýär, olar ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär, nobatdaky harby atlar dakylýar, zähmet haklary işlän ýylyna, wezipesine, harby derejesine görä, ýylyň-ýylyna artdyrylýar. Geçen ýylda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem merdana Watan goragçylaryna bildirilýän belent ynamyň, sylag-hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle ajaýyp işler goranmak kuwwaty berkden bolan ata Watanymyzyň berkararlygyny, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny dabaralandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda hem bu barada: «Watan özüniň gerçekleri bilen beýikdir. Watanyň abraýy merdana ogullary bilen beýgelýär. Bu zatlar ýürege ýazylgy heýkel ýaly müdimidir» diýlip bellenilýär.

Milli Liderimiz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Ynsana öz Watanyny söýmekden uly bagt ýokdur. Iň belent söýgi Watan söýgüsidir. Watanyň ykbaly bilen bagly ýaşaýyş durky bilen mähribanlykdyr» diýip, Watan söýgüsini, Watan mukaddesligini örän kämil dilde beýan edýär.

Watanyň gülläp ösmeginiň, il-güne haýyr getirmegiň hatyrasyna çekilýän zähmet mukaddesdir. Watan üçin, nesilleriň hatyrasyna edilen yhlas, her bir gahrymançylykly hereket, döredijilikli pikir, halal zähmet nesiller üçin nusgalyk ýörelgedir. Çünki Watan mukaddesligine, ezizligine bolan söýgi biziň her birimiziň aňymyzda, kalbymyzda baky ýaşaýan barlykdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary we işgärleri üçin işlemäge, döwrebap ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş la rymyz çäksizdir. Milli Liderimiziň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Batyr BERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.