27.02.2025
Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlaryndan, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza ak ýürekden gulluk edýän ýurdumyzyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň hatarynda, biz — prokuratura edaralarynyň işgärleri hem mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etmegi belent mertebe, mukaddes borç hasaplaýarys.
Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň prokuratura edaralarynda hem öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Elektron resminamalaryň dolanyşygyna geçmek bilen, prokuratura edaralarynyň maglumatlarynyň bitewi gorunyň döredilmegi we onuň kiber howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça anyk işler geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň ýokary düşünjeli, belent adamkärçilikli, halal we işine mynasyp adamlar bolmagyna, düzgün-nyzamyň has-da pugtalandyrylmagyna, işgärleriň hünär ussatlyklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ähmiýetli işler edilýär. Işgärleriň arasynda hünär bäsleşikleriniň, okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi olaryň hünär ussatlyklarynyň ýokarlandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Prokuratura işgärleriniň döwrebap hünär taýýarlygyna, ruhy baýlyga, ösen dünýägaraýşa eýe bolmaklaryny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Baş prokuraturasynda täze döwrebap hukuk kitaphanasy döredildi. Bu kitaphanada diňe bir ýurdumyzyň hukuk ulgamyna degişli hukuk edebiýatlary däl, eýsem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurt döwletlerinde çap edilen, şeýle hem halkara guramalary tarapyndan taýýarlanan hukuk edebiýatlary hem bar.
Baş prokuraturada döredilen döwrebap kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dürdäne eserlerine aýratyn orun berilýär. Sebäbi, bu eserler adamyň haýsy kärde zähmet çekýändigine, işiniň haýsy ugra gönükdirilendigine garamazdan, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine täsirini ýetirýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanma hasaplanylýar.
Döwrebap kitaphanada döwürleýin syýasy neşirleriň hem ýerleşdirilmegi prokuratura işgärleriniň hünär bilimini kämilleşdirmekleri bilen bir hatarda, syýasy sowatlylygyny ýokarlandyrmaklary üçin hem wajyp bolup durýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň hukuk üpjünçiligi bilen baglanyşykly işleri has-da kämilleşdirilip, prokuraturanyň işiniň esasy ugurlaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar döwrebaplaşdyrylýar. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalan mak arkaly Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary we olara girizilýän üýtgemeler we goşmaçalar Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň elektron kitaphanasy arkaly prokuratura işgärleri üçin elektron görnüşinde elýeterli edilýär. Munuň özi ýurdumyzda hereket ed ýän kanunçylyk namalarynyň takyk hemde birmeňzeş berjaý edilişine prokuror gözegçiligini talabalaýyk ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň türkmen, rus we iňlis dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän resmi web saýtynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu web saýtda resmi habarlar, şeýle hem prokuratura edaralary bilen baglanyşykly ähli täzelikler ýerleşdirilýär. Şeýle hem prokuratura edaralarynyň salgylary we telefon belgileri baradaky maglumatlaryň islendik raýat üçin elýeterliligi üpjün edilen. Elektron ýüztutmalary kabul etmek mümkinçilikleri döredilip, raýatlaryň ýüztutmalaryny öz wagtynda kabul etmek we jogap bermek, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi üçin ähli şertler döredilen. Raýatlar web saýt arkaly ýurdumyzda hereket edýän adamyň hem raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagyna gönükdirilen kanunlar bilen tanşyp, hukuk düşünjeliligini ýokarlandyryp, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň metbugatda çap edilýän kanunçylygy düşündirmek baradaky makalalaryny okap bilýärler.
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň täze ulanylmaga berlen, döwrüň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen Barlag-geçiriş nokadynda ýüztutmalar bilen gelen raýatlar haýal etmän kabul edilýär. Ol ýerde prokuror-derňew işgärleri tarapyndan raýatlaryň şahsy kabul edilmegine, olaryň ýüztutmalaryny erkin beýan etmeklerine giň mümkinçilikler döredilendir.
Ýüztutmalar boýunça ýüze çykarylan kanun bozulmalaryň her biri boýunça prokurorlar raýatlaryň we ýuridik şahslaryň bozulan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini dikeltmek, düzgün bozujylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýärler.
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Barlag-geçiriş nokady hem-de onda ýerleşýän raýatlary şahsy kabul edilýän otag raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagy, prokuratura işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirmekleri üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň miweleri bolan giň mümkinçiliklerdir.
Biz — prokuratura işgärleri, şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, jemgyýetiň we döwletiň kanuny bähbitleriniň goralmagy, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda gijämizi gündiz edip zähmet çekeris, mukaddes Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk ederis.
Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist