WETERAN BILEN DUŞUŞYK

02.03.2025

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Adatça, mertler Watany beýgeldýändir, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir» diýen ganatly sözleri bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda mertleriň mertebesiniň has-da belende göterilýän eýýamy boldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Daşoguz welaýatynyň prokuraturasynyň guramagynda uruş weterany, prokuratura edaralarynyň düzüminde uzak ýyllaryň dowamynda halal hem-de tutanýerli zähmet çeken, bir asyry arka atan Köşek Sultanmyradow bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk halypa-şägirtlik mekdebiniň, gahryman pederleriň geçen durmuş ýolunyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleriniň ýörelgesine öwrülendiginiň aýdyň nyşany boldy.

1943-nji ýylda Watan goragynyň ýoluna düşen esger birnäçe ýurtlary duşmandan azat etmek ugrundaky aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar. Halkyň asudalygyny gazanmak ugrundaky söweşlerde taplanan weteran ata Watana dolanyp geleninden soň, prokuratura edaralarynda zähmet çekip, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmaga mynasyp goşandyny goşýar. Hukuk goraýjy edaranyň wekili hem-de uruş weterany hökmünde onuň berýän gürrüňleriniň ählisi hem Watanyň, halkyň abadançylygy, parahatçylygy, gülläp ösüşi dogrusynda boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde 100 ýaş toýuny toýlan uruş weteranynyň ýaşlara ilkinji pendi şu asuda asmanyň, parahat günleriň, abadan durmuşyň we bu gymmatlyklaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň gadyryny bilmek, olaryň goragynda sak durmak bilen baglanyşykly boldy.

Halypa weterana 100 ýaş toýy mynasybetli welaýat prokuraturasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda abadan we bagtyýar durmuşda uzak-uzak ýyllaryň dowamynda ömür sürmek arzuw edildi.

Bilbil SAPAROWA, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjüçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.