ADAM HUKUKLARY

08.03.2025

Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda milli kanunçylykhukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy kabul edildi, birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Kabul edilen kanunlar Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigi bilen ähmiýetlidir. Milli kanunçylygymyzyň esasy häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de, onuň kadalarynyň aglabasynyň adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny belleýän kadalardygydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan da adam hukuklaryny goramakda, raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge ynsanperwer çemeleşmekde döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly ideologiýasyndan ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ynsanperwer şygary ýurdumyzyň her bir raýatynyň erkin ösmegini, at-abraýynyň, mertebesiniň, azatlygynyň, şahsy eldegrilmesizliginiň, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklarynyň goragyny üpjün edýär. Munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyndaky: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr» diýen kadanyň durmuşa geçirilmegi üçin aýdyň ýörelge bolup hyzmat edýär. Çünki Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.

Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň adam hukuklary babatdaky konwensiýalarynyň düzgünlerini gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, şeýle hem halkara ynsanperwer hukugyndan gelip çykýan borçnamalaryny üýtgewsiz berjaý edýär.

Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan, ýurdumyzyň milli kanunçylygyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Şyhly PELLÄÝEW, Şabat etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.