BAGTYÝARLYGYŇ MIZEMEZ ÝOLY BILEN

12.03.2025

Belent sepgitlerden täze nurana hem arzyly menzillere tarap batly gadamlar bilen ynamly barýan berkarar döwletimiziň her güni uly üstünliklere, zähmet ýeňişlerine beslenýär. Dünýäniň nazaryny hem ünsüni özünde jemleýän belent sepgitleri köp pudakly hem milli öwüşginli halk hojalygynyň ähli ugurlarynda görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň berkararlygymizemezlige öwrülýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy gitdigiçe rowaçlanýar. Munuň hakykatdan-da şeýledigi durmuşyň ähli ugurlaryna nazar aýlasaň aýdyň görünýär. Kalby-ýüregi hemişe halkym diýip urýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini sazlaşykly alyp barmak, bu ugurda ýüze çykýan päsgelçilikleri aradan bütinleý aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň örän wajypdygyna mydama ünsi çekýär.Hut şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz jemgyýetimizde korrupsiýa we parahorluk ýaly ýaramaz ýagdaýlaryň, nogsanlyklaryň öňüni almak babatda hemmetaraplaýyn maksada okgunly işleriň yzygiderli we şol bir wagtyň özünde gowşadylmazdan alnyp barylmalydygyny aýratyn nygtaýar.

Gadymy hem müdimi halkymyzyň halallyk, ynsaplylyk, sabyr-kanagatlylyk, dogruçyllyk ýaly mukaddes hem keramatly saýylýan milli ýol-ýörelgeleri bilen ýaramaz endikler asla bir ýere sygyşmaýar. Ata-babalarymyzdan miras galan şeýle päkize ýol-ýörelgeleri biz ýaramazlyklaryň garşysyna goýýarys.

Ata-babalarymyz «Iliň güýji siliň güýji» diýipdir. Il güýjüniň, onuň synmaz erk-isleginiň öňünde durjak güýç bolmaz. Bu jogapkärli hem gaýragoýulmasyz göreşde ilkinji nobatda, sowatly, ylym-bilimli, düşünjeli adamlaryň işjeňligine, il sylagly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň ilat köpçüliginiň, ylaýta-da, ýaş ýetginjekleriň öňünde edýän täsirli çykyşlaryna bil baglaýarys.

Gündelik ýaşaýyş-durmuşymyzda, umuman, her bir işde adama, biziň her birimize şahsy göreldäniň täsiri aýratyn uludyr. Biziň bolsa her bir işde baş bolup, özüniň şahsy göreldesi bilen ýollarymyza şamçyrag şuglasyny saçýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza berk eýermegimiz gerek. Ýüregi her bir pursatda: «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip urýan Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesine eýerip, halkyňy, Watanyňy söýmek buýsanç hem mukaddes borçdur. Biz bu hormatly borja hemişe ygrarly bolarys.

Bize ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge ähli şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Bilbil SAPAROWA, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.