14.04.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy, hormatly Belent Ser kerdebaşymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasy bilen ýurdumyz döwrebap özgertmelere eýe bolýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda hem-de dünýä ýüzünde ählumumy parahatçylygy, ösüşi berkitmek ugrundaky tagallalaryň uly ykrara eýe bolýandygyny şöhlelendirýär.
Bu şanly ýylda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Sebäbi, Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Rezolýusiýalary bilen iki gezek tassyklanan hemişelik Bitaraplygymyz ýurdumyzyň resmi hukuk derejesi we daşary syýasatynyň baş ugrudyr. Türkmen Bitaraplygy dünýä tejribesinde täze ýagdaý hökmünde ählumumy ösüş ýollaryny üýtgetmegiň has amatly nusgasydyr. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.
Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, ählumumy ösüşi, düzgün-tertibi berkitmekde ähmiýeti artdy. Daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýaly ýörelgelere eýerýän Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.
«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyk lyk da, ýurdumyzyň agzalýan hukuk derejesi jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar.
Ata-babalarymyz ýyllarboýy parahatçylyga aýratyn üns beripdirler. Bu düşünjäni iň bir gymmatly zatlaryň biri hökmünde kabul edipdirler. Merdana halkymyzyň bu bahasyz ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Türkmeniň bu ýörelgesi häzirki wagtda Ýer ýüzünde parahatçylygyň ilçisi bolup dabaralanýar.
Bu ýyl Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ak ýolundan barýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze, ynamly mümkinçilikleri açar. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Sabyr-takatlylyk, dost-doganlyk däplerine eýermek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepaly bolmak türkmen halkyna mahsus häsiýetlerdir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy häzirki zaman dünýägaraýşyny hemde mähriban halkymyzyň köpasyrlyk pähimpaýhasyny özünde jemleýär.
Paýtagtymyzdaky Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine ygrar ly bolmak bilen, dünýäde we sebitde parahatçylygyň we ylalaşygyň pajarlamagy ugrunda edilýän tagallalardan nyşandyr. Häzirki döwür de bu düzüm Merkezi Aziýada parahatçy ly gy we howpsuz ly gy berkitmek işine ýardam etmek bilen, gepleşikleri geçirmegiň netijeli gurallaryny ulanmakda baý tejribe toplady. Ýurdumyzyň parahatçy ly gy dörediji güýji we Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşly gynyň baý tejribesi öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmek işinde düýpli esas bolup hyz mat eden digini görkezdi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýanynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi bilen halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmakda, çaknyşyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini, netijelerini ýok etmekde Bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýlelikde, parahatçylyga, dostluga, ynanyşmaga we düşünişmäge bolan ymtylyşy, dostlugyň saýasynda berkarar bolýan asudalygy alamatlandyrýan Bitaraplyk derejesi, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin dünýäniň gymmatlygyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň we halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyr..žmak, halkara gatnaşyklarda ynanyşmak medeniýetini ösdürmek babatda alyp barýan umumadamzat ähmiýetli tagallalaryna ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen iki gezek ykrar edilmegi, türkmen döwleti niň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», şeýle hem «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanmasydyr.
Her bir raýatyň abadan durmuşynyň goraglylygy ugrunda bimöçber tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, işleri rowaçlyklara beslesin!
Didar ORAZOW, Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.