PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK — DÜNÝÄNIŇ DIREGI

28.04.2025

Parahatçylyk we yna­nyş­mak ­—­ bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr. Çünki agzy bir türkmen halkymyz asyrlarboýy parahat, asuda, özbaş dak döwletiň arzuwynda ýaşapdyr. Pederlerimiz ylalaşykly ýaşaýşyň, abadan durmuşyň, asudalygyň, parahatçyly gyň adamzady baky bagtyýarlyga, berkararlyga ýetirýän di gine ynanypdyrlar. Ata-babalarymyzyň şeýle arzuwlaryny, belent ynamyny äleme ýaýan hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halkymyza parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy peşgeş berdi. Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyny Ýer ýüzünde dabaralandyrdy.

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri öz gözbaşyny türkmen Bitaraplygyndan alyp gaýdýar. Taryha ser salanymyzda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy esasynda, Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilen di gi hakydamy za dolýar. Şunlukda, Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edi len ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwlet dir. Döwletli işleriň, belent tutumlaryň dowamaty hemişe dowam bolýar. Şeý di bem, hemişelik Bitarap döwletiň aýdyň geljegi barha gülleýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyn dan doly goldanylmagy we dünýäniň abraýly halkara gurama­sy­ —­ Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan iki gezek ykrar edilmegi tutuş asyryň, diňe türkmen dünýäsiniň däl, häzirki zaman adamzat dünýäsiniň taryhy wakasyna öwrüldi. Munuň özi ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşygyny, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy kemala getirýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Mag­tym­gu­ly­—­dün­ýäniň akyldary» atly kitabynda buýsançly bellenilişi ýaly: «Biz Bitarap döwlet bolmak ugrundaky maksadymyzyň hut Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuş hakykatyna öwrülendigine we dünýä jemgyýetçi liginiň ähli agzalary tarapyndan ykrar edilen digine buýsanýarys». Ýurdumyzyň bu abraýly halkara guramasy bilen hyzmatdaşly gy häzirki wagtda has-da ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýa­sy 2025-nji ýy­ly­—­ «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Bu halkara başlangyçdan ugur alyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylyny Türkmenistan döwletimiz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrdy. Munuň özi juda guwandyryjy taryhy wakadyr. Çünki parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleri asuda dünýämiziň diregidir.

Mekan IŞANGULYÝEW, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokurorynyň kömekçisi.