YNSANPERWERLIGIŇ TÜRKMEN NUSGASY

10.05.2025

Halkara hukugynda hemişelik Bitaraplyk diýlip belli bir döwletiň içeri we daşary syýasatyny parahatçylykly ýöretmek hem-de beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerini kanuny esasda kabul etmegine aýdylýar.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitarap lyk hukuk ýagdaýynyň ýokary halkara we ykdysady ähmiýeti onuň birnäçe halkara resminamalarda, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň milli kanunçylygynda berkidilendigi bilen şertlendirilýär. Elbetde, halkara hukuk resminamalaryna, ilkinji nobatda, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen ýörite Kararnama degişlidir. Bu resminama bilen Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwlet boldy. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy 2015-nji ýylda kabul edilen degişli Kararnama bilen ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, bu Kararnama ýurdumyzyň taryhynda onuň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny tassyklaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen şeýle görnüşdäki üçünji resminamadyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýeketäk döwlet hökmünde halkara hukuk tejribesinde özboluşly nusga bolup hyzmat edýär. Bu hukuk ýagdaýy ýurduň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, durnukly we yzygiderli syýasaty alyp barmagyna mümkinçilik berýär. Döwletimiziň parahatsöýüjilikli syýasatyny dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!

Şalarhan ÖWEZOW, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.