14.05.2025
Ahalteke bedewleri gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen bütin dünýäde şan-şöhrata, belent ykrarnama eýe boldy. Waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genjihazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Çünki türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Ahalteke bedewi — eýýamlaryň bedewi».
Bedew atlar halkymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeläpdir. Şoňa görä-de, «Atdyr ýigidiň ganaty», «At agynan ýerde toý bolar», «At — ýaryşda, är — söweşde», «At — ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» ýaly nakyllardyr pähimli sözler döräpdir. Halk paýhasyndan syzylyp çykan bu jümleler häzirki wagtda-da öz gymmatyny ýitirmän, täzeçil röwüşde ýaňlanýar. Sebäbi ýurdumyzda halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şanşöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça Milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň, ylmy merkezleriniň gurulmagy atşynaslarymyzyň netijeli, ýadawsyz çekýän zähmetini döwrebap derejede guramaga giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem ussat seýisleri, çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezleri hereket edýär. Şular bilen bir hatarda, Aşgabat atçylyk sport toplumynda bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiklerini guramaga niýetlenen açyk manež ýurdumyzda atly sporty ösdürmäge uly itergi berýär.
Arassa ganly ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak, olaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke atçylyk we seýisçilik sungatyny ylmy esaslarda öwrenmek, ýaş nesillere geçirmek, atçylyk sportuny ösdürmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça döwlet derejesinde tutumly işleriň alnyp barylmagy diýseň buýsandyryjydyr. Şunda 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, baş edarasy paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna wajyp orun degişlidir. Bulardan başga-da, Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär, 1500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem bar. Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi bolsa ýurdumyzda ahalteke atçylyk pudagynyň täzeçil ösüş ýoluna düşendiginiň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Gamyşgulak bedewlerimiz halkymyzyň gymmatly baýlygydyr» diýip belleýär. Çünki seýisçilik sungaty, atlary bezemek däplerimiz milli mirasymyzyň möhüm bölegini emele getirýär. Bu günki günde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny bütin dünýäde has-da dabaralandyrmak ugrunda edilýän tagallalar belent ykrarnama eýe bolýar. 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de Milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda şowly çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.
Bularyň ählisi gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilen behişdi bedewlerimiziň bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülendigini, Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biridigini tassyklaýar. Goý, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Batyr BERDIÝEW, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.