DÖWLETLILIGIŇ BINÝADY

18.05.2025

Döwletimiziň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işleriň, taryhy tutumlaryň rowaçlanýan zamanasynda döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk ulgamy möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi kanunçylyk ulgamy ýurdy ösdürmekde täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda Baş Kanunymyzyň döwletimiziň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegiň mizemez binýady bolup durýandygyny nygtamak gerek.

Öz nobatynda, esasy düzgünlerini saklap galýan Konstitusiýamyz amala aşyrylýan taryhy özgertmeler, durmuşyň sazlaşykly ösüşi göz öňünde tutulyp, barha kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň möhüm başlangyçlary esasynda dürli ýyllarda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde Konstitusiýamyzyň aýry-aýry düzgünleriniň many-mazmunynyň ösdürilmegi we baýlaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi döwrüň öňe çykarýan möhüm syýasy, durmuş-ykdysady meselelerini çözmäge oňyn itergi berýär.

Hukuk ulgamynda amala aşyrylýan oýlanyşykly özgertmeleriň oňyn netijeleri bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmekde hem-de ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Şunuň ýaly asylly maksatlara gönükdirilen köpugurly özgertmeleriň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy geljekki ösüşlerimiziň hem kepilidir.

Ýaşuzak Ata­baýew, Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Türkmenbaşy prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.