EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNYŇ HUKUK ESASLARY

22.05.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň tebigatyny goramakda, suw gorlaryny ösdürmekde, ene topragymyzy, giň sähralarymyzy lälezarlyga, berekediň mekanyna öwürmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek barada edýän aladasyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýany we tebigaty goramak ýaly meseleleri häzirki döwriň möhüm wezipeleriniň hatarynda goýýar.

Bulardan başga-da, Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen we häzirki wagtda hereket edýän, «Tebigaty goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Tokaý, Howa we Suw kodeksleri ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp meseleleriniň çözülmeginde ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.

Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen we ekologiýa kanunçylygynda binýatlaýyn häsiýete eýe bolan «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biodürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda hereket edýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki işler amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de adamyň we jemgyýetiň ýaşaýşynyň möhüm bähbitlerini üpjün etmäge, daşky gurşawy antropogen we tebigy täsiriň netijesinde ýüze çykýan howpdan goramaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek boýunça asylly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Ruhubelent etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.