14.06.2025
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen sport syýasatynyň gadamlary batlanýar. Indi türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda, halkara ýaryşlarynda gazanýan ýeňişleri soňky ýatlanymyza doly şaýatlyk edýär. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryndaky şowly çykyşlary döwletimiziň halkara sport abraýynyň täze belentliklere çykmagyna bähbitli täsirini ýetirýär.
Indi Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlar, sport desgalary, sport mekdepleri hem-de atçylyk sport toplumlary sporta höwesekleriň söýgüli mekanyna öwrüldi. Ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi halkyň saglygyny goramakda we berkitmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmakda ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän sport syýasatynyň rowaç almagy Türkmenistan döwletimiziň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Muňa mysal edip, geçen ýylyň sentýabr aýynyň başynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilendigini ýatlamak bolar. Dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde kabul edilen bu Kararnama onuň bütin adamzat üçin möhümdiginiň we örän uly ähmiýete eýediginiň beýany boldy. Bu guwançly waka hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Baýnazar KÄBÄÝEW. Sakarçäge etrap prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.