18.06.2025
Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýip, perzent terbiýesiniň düýp manysynyň Watan mukaddesliginde jemlenýändigini çuňňur parasatly sözler bilen nesihat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, Maşgala kodeksinde, şol sanda Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan öz gözbaşyny alýan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirilmesi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatyn da ähli şertler we mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, nika-maşgala gatnaşyklary Türkmenistanyň Maşgala kodeksi bilen düzgünleşdirilýär. Agzalan Kodeks 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda kabul edildi. Kodeksde maşgala agzalarynyň arasyndaky şahsy we emläk gatnaşyklary düzgünleşdirilýär we nika baglaşmagyň şertleri we tertibi kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksine «Nika kontrakty (şertnamasy)», «Çaganyň hukuklary», «Ata-eneleriň hossarlygyndan galan çagalary ýüze çykarmak we ýerleşdirmek», «Ata-eneleriň howandarlygyndan galan çagalaryň merkezleşdirilen hasaby», «Aliment tölemek hakynda şertnama» atly täze düzgünli baplar girizildi we Türkmenistanda nika ýaşy oglanlar we gyzlar üçin 18 ýaş diýlip bellenildi.
Geljekde biz öz ýaşlarymyzy nähili keşpde, orunda, mertebede görmek isleýän bolsak, olara şu wagtdan şol terbiýäni bermegimiz zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakyndaky Karary esasynda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberiniň 20 müň manada çenli ýokarlandyrylmagy, Esasy Kanunymyzdan gelip çykýan talaplaryň durmuşa geçi ril işiniň aýdyň mysaly bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldamagy esasynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bu oňyn özgertmeler, kabul edilýän toplumlaýyn maksatnamalar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini, durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Her bir türkmen maşgalasynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Rüstem DAŇATAROW, Ruhubelent etrabynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.