22.06.2025
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna beslenmegi saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Bu gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban Watanymyz dünýä giňişliginde halkara jemgyýetçiligitarapyndan oňyn Bitaraplygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, agzybirligiň dabaralanýan mekany hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMGniň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň hasda giňden dabaralanmagyna mynasyp goşant boldy.
Türkmenistan Garaşsyz, baky Bitarap döwlet hökmünde öz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däpdessurlaryna hormat bilen garamak, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine ygrarly bolup gelýär. Dünýäniň döwletleri, iri abraýly halkara guramalary, esasanda BMG we onuň düzüm bölekleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Ýurdumyzyň açyklygy, sebit we dünýä meselelerini çözmekde parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri, hyzmatdaşlyga taýýarlygy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş ugry syýasy hyzmatdaşlyk bilen birlikde ykdysady ösüş, daşky gurşawy we adam hukuklaryny goramak, sebit ösüşi,Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlyk ýurtlaryň jogapkärçiligine hem esaslanýar. Türkmenistan şol ýörelgelere ygrarlydygyny görkezip, dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeldip, durnukly ösüşiň sebit usullaryny döretmek babatda täze teklipleri öňe sürýär. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeler hem baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerini dabaralandyrmaga, pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bitaraplyk BMGniň Düzgünnamasynda berkidilen parahatçylykly ýaşaşmagyň ähli ýörelgelerine, ýagny halklaryň öz ykballaryna özbaşdak erk etmeklerine; hemme döwletleriň özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bütewiligini we serhetleriniň bozulmazlygyny hemde olaryň doly deňhukuklylygyny hormatlamaklyga; birekbiregiň içki işlerine goşulmazlygyna we kanuny bähbitlerini göz öňünde tutmaklaryna; uruşdan el çekmeklige, jedelli meseleleri çözmekde serişde hökmünde güýç ulanmak howpuny salmazlyga we güýç ulanmazlyga, gapmagarşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, gepleşikler arkaly, syýasydiplomatik serişdeler bilen kadalaşdyrmaklyga; dünýäniň ähli ýurtlary bilen ählumumy abadançylygyň hatyrasyna deň hukuklywe özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine gabat gelýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny durmuşda yzygiderli amala aşyrmak bilen, Türkmenistan halkara işlerinde işeňňir hereket edip, belli bir orny eýeleýär: döwletara özara gatnaşyklary giňeldýär, dünýä derejesindäki meselelere we parahatçylykly işlere gatnaşýar, anyk başlangyçlary öňe sürýär. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň beýik gymmatlygyna öwrüldi, baky Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyryp, olary geljekdede parahatçylygyň, ýagşylygyň nyşany hökmünde nesillere geçirmek şu günki nesliň borjudyr. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diňe bir içeri syýasatymyzda däl, eýsem, daşary syýasatymyzda hem şolara eýerip, halklaryň ýakynlaşmagyny, özara düşünişmegini, ynanyşmagyny döwletara hyzmatdaşlygynyň binýady hasaplaýar.Hemişelik Bitaraplygyň kökleri, milletiň ruhy gurluşynyň esasy aýratynlygy we onuň ýaşaýşynyň özboluşly kadasy hökmünde ornaşyp, ol ýurdumyzyň daşary syýasatynda dabaralanýar we dünýä bileleşiginiň mynasyp hormatyna eýe bolýar. 2025-nji ýylyň bütin dowamynda geçiriljek dürli çäreler ählumumy parahatçylygyň, halkara ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň berkemegine, dünýä giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň ösmegine, döwletimiziň halkara abraýynyň berkemegine ýardam eder.
Agamyrat HOJAKGAÝEW, Ak bugdaý etrabynyň prokuraturasynyň uly sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.